Ruhubelentlige beslendi

8 Maý 2024
401

Golaýda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň guramagynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300  ýyllygy hem-de bu sazçylyk mekdebiniň döredilmeginiň 95 ýyllygy mynasybetli döredijilik konserti geçirildi.

Konsertiň dowamynda talyplaryň ýerine ýetirmeginde «Arkadagly Gahryman Serdarymyz» atly aýdym belentden ýaňlandy. mekdebiň bagşylar topary bolsa «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly aýdymy ýerine ýetirdiler. Konsertde kompozitor Daňatar Öwezowyň «Şasenem we Garyp» operasyndan «Şawelediň ariýasy», «Aýna» operasyndan «Uwertýura», «Leýli we Mejnun» operasyndan «Leýli we Mejnunyň» aýdyşyk aýdymy ussatlyk bilen ýerine ýetirildi. Ussat kompozitor N.Muhadowyň akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň goşgularyna düzülen şirin sazlary konserte gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Şeýle hem, konsertde Jelly Roll Mortan, Iogan Ştraus, Ferens List, Georgiý Sweridow, Isaak Dunaýewskiý ýaly daşary ýurt kompozitorlarynyň döreden saz eserleri ussatlyk bilen ýerine ýetirildi. Konsertde Magtymguly Pyragynyň goşgularyndan ýerine ýetirilen çeper okaýyşlar, şeýle hem halk aýdymlary dabaranyň joşgunyny has-da artdyrdy.

Hemra ORAZOW,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy.