Öz ýoluny goýan ussat

8 Maý 2024
613

Türkmen bagşyçylyk sungatynda yz goýan ägirtler Boldumsaz etrabynda-da az däl. Ajaýyp mukamlary bilen özüne ebedilik ýadygärlik diken bagşylaryň biri-de Kürt bagşydyr. Bagşynyň hakyky ady Mämmetjuma bolup, Kürt ady onuň ýaşan obasy bilen baglanyşyklydyr. Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Kürt Garlyýew 1901-nji ýylda Boldumsaz etrabynda dünýä inýär. Ykbalyny aýdym-saz sungatyna bagyş eden Kürt bagşy «Şasenem-Garyp», «Saýatly-Hemra» dessanlaryny, «Görogly» şadessanynyň ençeme şahalaryny özboluşlylygy, öz aýdyş ýoly bilen ýerine ýetiripdir. Bagşy çowdur ýollarynyň birnäçesini özüçe işläpdir. Käbirlerine perde goşupdyr. Ol «Köne tam», «Bozatow», «Ak Eneş», «Ýandym», «Tizgä» (Allanur bagşynyň döreden ýoly) ýaly halk aýdymlaryny halk arasynda «Kürt bagşynyň aýdan ýollary» ýa-da «Kürt bagşynyň aýdymlary» diýer ýaly derejede özboluşly ýerine ýetirip, bagşyçylykda öz ýoluny döretmegi başarypdyr.

Bagşy hyjuw bilen aýdan «Köne tam», «Hindidir, hindi» diýen aýdymlarynda ýerine ýetiren aýdylyş ýoluny özi bilen alyp gidipdir. Kürt bagşydan etrabyň bagşylaryna «Ak Eneş» atly aýdym miras galypdyr.

Ylham SOPYÝEW,
Boldumsaz etrabynyň Gurbandurdy bagşy adyndaky çagalar sungat mekdebiniň dutar hünäriniň mugallymy.