Gül Watanyň göwher gaşy

8 Maý 2024
339

Ak mermerli ajaýyp paýtagtymyz Aşgabat hakynda ýazylan kitaplar, döredilen aýdymlar, çekilen suratlar sanardan köp. Aşgabadyň şäher hökmünde öz ösüşine başlan döwründen bäri bary-ýogy bir asyrdan köp wagt geçen hem bolsa, onuň taryhy hakda gymmatly maglumatlary özünde jemleýän ençeme kitaplar bar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň gözel paýtagtymyzyň 140 ýyllygyna bagyşlap döreden «Ak şäherim Aşgabat» atly kitaby Aşgabat hakda ýazylan ähli kitaplaryň naýbaşysydyr. Gül Watanyň göwher gaşy bolup äleme nur saçýan gözel paýtagtymyzyň keşbinde Milli Liderimiziň çäksiz yhlasy, döredijilik ussatlygy, binagärlik gözlegleri, bagtyýar döwre buýsanjy aýdyň görünýär.

Hurmagözel BÄŞIMOWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Merkezi ylmy kitaphanasynyň hünärmeni.
Beýleki habarlar