Reňkden döreýän gözellik

8 Maý 2024
515

Döredijilik, sungat adamsy her bir işe örän inçeden çemeleşýär. Tutuş dünýä hem-de durmuşa gözellik paýlamaga çalyşýar. Olaryň dünýägaraýşy, ýaşaýşa bolan söýgüsi, gözellikleri wasp edişi has-da başgaça bolýar. Ýurdumyzda belli nakgaş, welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Alymjan Işankulyýew hem ömür örküni sungata baglan suratkeşleriň biri. Ussat suratkeşiň ýaňy 45 ýaşandygyna garamazdan, onuň eserleri bir ömrüň çygryndan aşdy diýsek, lap edip aýtdygymyz bolmaz.

Ol çagalygyndan eline galam alyp, surat çekip başlaýar. Mekdep okuwçysy döwründe bolsa onuň ukyp-başarnygy bada-bat surat mugallymynyň gözüne ilýär. Nakgaşçylyk ýoluna ugrukdyran çagalyk halypasy oňa soňra çagalar çeperçilik mekdebinde okuwyny dowam etdirmegi maslahat berýär. Şeýdip, ýaş suratkeşiň batly, şowly gadamlary ädilip başlaýar. Bu ýerde oňa Tatýana Ostaşowa halypalyk edýär. 1988-nji ýylda bolsa welaýat çagalar sungat mekdebiniň nakgaşçylyk bölümini tamamlaýar. Ol welaýat ýörite sungat mekdebinde Türkmenistanyň at gazanan suratkeşi Myrat Baltaýewden, şeýle-de Rustam Rozyýew, Aganyýaz Gaparow, Sylap Hudaýberdiýew ýaly halypalardan tälim alýar. 2004-nji ýylda bolsa Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasyny tapawutlanan diplom bilen tamamlaýar. Ol ýerde Azat Annaýew, Dursunsolmaz Muhammedowa, Hally Annaçaryýew, Nursähet Iýaberenow ýaly ussat mugallymlardan hünär öwrenen Alymjan Işankulyýew döredijilik ýoluny has-da kämilleşdirip, 2004-nji ýyldan bäri welaýat ýörite sungat mekdebinde ýaş nesle hünär öwredip gelýär.

Maral AGAMYRADOWA.
Surata düşüren Merdan ORAZOW.