Magtymguly, sözlär tili türkmeniň

7 Maý 2024
458

Ýakynda şeýle at bilen Ak bugdaý etrabynyň Gämi oba medeniýet öýünde welaýatymyzyň teatr we drama toparlarynyň arasynda yglan edilen bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Teatrlaşdyrylan sahna eserleriniň bäsleşigi welaýat häkimligi, welaýat Medeniýet müdirligi hem-de jemgyýetçilik guramalary tarapyndan guraldy.

Etraplardan gelen döredijilik toparlary bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, sahnalaşdyrylan eserleri görkezdiler. Olar sahnalaşdyran eserlerinde Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň ömür döredijiligine we nusgawy şahyrymyz hakda ýazylan ajaýyp eserlere salgylanyp, dana atamyzyň durmuşyny, şahsyýetiniň beýikligini, pikir we duýgy kämilligini beýan edýän wakalary ussatlarça açyp görkezmäge çalyşdylar. Teatrlaşdyrylan çykyşlarda beýik akyldar şahyryň giň hem-de çuň akyl-paýhasy, watansöýüjiligi, il-gününe bolan hormaty, çäksiz zehin-ukyby çeper şöhlelendi.

Rüstem MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň başlygynyň orunbasary.