Döwrüň belent ruhy

7 Maý 2024
427

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda halkymyza sowgat beren «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabyny okanyňda, bu gadymy topragyň şöhratly taryhy, ösüş-özgerişli şu güni baradaky baý maglumatlar bilen tanyşmaga giň mümkinçilik alýarsyň. Kitabyň «Ahal ýaýlasynda gadymy Änewiň şöhratly ýoly dowamata uzaýar» atly bölüminde bu toprakda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwrüň belent ruhuna laýyklykda alnyp barylýan giň gerimli özgertmeler dogrusynda gürrüň edilýär. Bu babatda, hormatly Prezidentimiz täze kitapda: «Türkmeniň «Uly iliň soltany» diýip sarpa goýýan ak bugdaýynyň ilkinji mekany bolan Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» derejesini göterýän şanly ýylda gadymy Ahal topragynda amala aşyrylýan taryhy özgertmeler hakynda söhbet etmek meniň üçin örän ýakymly hem buýsançly» diýip ýazýar.

Gadymy Ahal ýaýlasynda Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen medeni-durmuş maksatly we önümçilik desgalarynyň uly toplumy, täze obadyr şäherçeler guruldy. «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, bu toprakda geljekde hem iri desgalardyr binalaryň, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy meýilleşdirilýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan il-ýurt bähbitli beýik işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýändiginiň güwäsidir.

Maýa MÜLKAMANOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň uly mugallymy.