Halypa diplomatyň belent sarpasy

6 Maý 2024
216

4-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň ussat diplomaty, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rustemowanyň 70 ýaş ýubileý toýy mynasybetli dabara geçirildi. Bu dabara Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysynyň w.w.ý.ý., Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory Rejep Bazarow, ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işgärleri, ýokary okuw mekdebimiziň professor-mugallymlary hem-de talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Dabaranyň dowamynda çykyş edenler, ilki bilen, Çynar Rustemowany 70 ýaş ýubileý toýy bilen gutladylar. Halypa diplomata hormatly Prezidentimiziň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gahryman Arkadagymyzyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň adyndan gymmatbahaly sowgatlar
gowşuryldy.

Gurbansähet GURBANSÄHEDOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.
Beýleki habarlar