Sahna eserleriniň bäsleşigi

4 Maý 2024
495

Ak bugdaý etrabynyň Gämi oba medeniýet öýünde welaýatyň teatr we drama toparlarynyň arasynda «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» ady bilen yglan edilen teatrlaşdyrylan sahna eserleriniň bäsleşiginiň Ahal welaýat tapgyry geçirildi. Welaýat häkimligi, Medeniýet müdirligi hem-de jemgyýetçilik guramalary tarapyndan yglan edilen bäsleşige etraplaryň teatr toparlary işjeň gatnaşdy.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gündogaryň beýik akyldary, türkmeniň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň ömür-döredijiligine we ol hakda ýazylan ajaýyp eserlere salgylanyp, dana şahyryň durmuşyny, şahsyýetiniň beýikligini, pikir we duýgy kämilligini beýan edýän wakalary ussatlarça sahnalaşdyrmak hem-de tomaşaçylara ýetirmek maksady bilen geçirilen bäsleşik turuwbaşdan uly ruhubelentlige beslendi. Döredijilik toparlary ýerine ýetiren teatrlaşdyrylan çykyşlarynyň üsti bilen beýik akyldar şahyryň çuňňur akyl-paýhasyny, watansöýüjiligini, il-gününe bolan hormatyny, çäksiz zehin-ukybyny mynasyp şekilde, çeper şöhlelendirmekde başarnyklaryny görkezdiler. Artistleriň her biriniň özüne ynanylan keşbi ussatlarça ýerine ýetirmegi eserleriň täsirliligini artdyrdy.

Aýdo ŞEKEROW.
(Öz habarçymyz). Surata düşüren Begençmyrat ATAÝEW.