Gadymy mekanyň täze keşbi

3 Maý 2024
436

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz günsaýyn gülläp ösýär. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanyp, bagtyýar halkymyzyň bähbidine gönükdirilen maksatnamalar, iri taslamalar amala aşyrylýar. Munuň şeýledigine biz hormatly Prezidentimiz Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyranda nobatdaky gezek göz ýetirdik.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasy boldy. Welaýatyň bagtyýar ýaşaýjylary döwlet Baştutanymyzy uly ruhubelentlikde, şatlyk-şowhun bilen garşyladylar. Bu şanly waka Gahryman Arkadagymyz tarapyndan ýurdumyzda ulag-kommunikasiýa düzümini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça başy başlanan giň gerimli özgertmeleriň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Mälim bolşy ýaly, bu ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň birinji tapgyry bolan Aşgabat — Tejen bölegi 2021-nji ýylyň oktýabrynda Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermeginde ulanmaga berlipdi.

Kakageldi GURBANOW,
TDP-niň Mary welaýat komitetiniň başlygy.
Beýleki habarlar