Ylhamly, Şahyrly ildir bu iller

2 Maý 2024
454

Şahyranalyk halkymyza owalyndan berlen. Megerem, bu sahawatly topragymyzyň gudraty bilen bagly bolsa gerek. Sebäbi akyldar Pyragy-da iki sözüniň birinde şu toprakdan ylhamlanandygyny aýdyp dur, alys-alys ýörişlerden dolanan Görogly begem şu topraga gadam basandan eline sazyny alyberýändir. Garajaoglan şahyr alys ýerlerde mekan tutandan soňam, ömürboýy şu topragy küýsäp şygyr döredipdir. Şeýle mysallar ýene näçe diýseň bar. Aslynda, bu topragyň ylham beriji gudratyny subut etmek üçin mysal getirmegem gerek däl, islendik pasylda töwerek-daşyňa nazar aýlaýmaly. Diňe gamyşgulak bedewlerimiziň özi-de telim eserlik ylham berýär. Gahryman Arkadagymyzyň,

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tutuş ýylymyzyň ylham baýramyna — akyldar Magtymgulynyň 300 ýyllyk toýuna beslenýän günlerinde dünýä inen taýlara at dakyşlarynyň özi-de sungat ahyryn! Şahyr we Ylham! Bu iki düşünje ahalteke bedewlerini, nepis halylarymyzy, jübüt kirişli gazma dutary, wepadarlygyň nusgasy saýylýan alabaý itleri dünýä beren toprak bilen manydaş. Çünki şahyrana illi bu topragyň özi durşuna ylham!

Ogulmaýsa ALLABERDIÝEWA,
«Edebiýat we sungat».
Beýleki habarlar