Giň gerimli işler üstünliklere beslenýär

1 Maý 2024
364

29-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda welaýatlaryň häkimleriniň we wise-premýeriň hasabatlary diňlenildi. Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda gowaça ekişi tamamlanyp, ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan meýdanlarda bolsa ideg etmek, hatarara bejergi işleri geçirilýär. Welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg etmek, ösüş suwuny tutmak işleri utgaşykly dowam etdirilýär. Galla oragy möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde däne ýygýan kombaýnlary, bugdaý daşajak awtoulaglary we galla kabul ediş kärhanalaryny möwsüme taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Ýazlyk ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek we bu önümler bilen ilaty bolelin üpjün etmek maksady bilen, olara ideg işleri geçirilýär. Welaýatda pile öndürmek boýunça bellenilen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ýüpek gurçugyna ideg işleri dowam etdirilýär.

TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar