Ýurdumyzyň kuwwatly daýanjy

1 Maý 2024
272

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda şanly toýa barýan ýurdumyzyň nebitgaz senagaty milli ykdysadyýetiň esasy pudagy bolup, oňa ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan depginli ösüşini üpjün etmekde uly orun degişlidir. Uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan eziz Diýarymyz türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli pähim-paýhaslary esasynda, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň innowasion ösüşine gönükdirilen toplumlaýyn strategiýany durmuşa geçirýär.

Hormatly Prezidentimiz: «Türkmenistan ýangyç-energetika pudagynyň mümkinçiliklerini ynamly ösdürýär. Ýurdumyzda alnyp barylýan energetika syýasatyna laýyklykda, pudaga iri möçberli maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär» diýip belleýär. Munuň şeýledigini Garaşsyz Watanymyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilen hem-de Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaraly bellenilýän ýylynyň bahar paslynda Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçirilen halkara göçme forum hem ýene bir gezek tassyklaýar. Forum «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan guraldy. Energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen bu ýöriteleşdirilen forum diňe adaty görnüşde geçirilmän, eýsem, sanly ulgam arkaly dünýäniň onlarça ýurdunda hem görkezildi.

«Esger».
Beýleki habarlar