Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa mähirli gutlaglar

30 Aprel 2024
226

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli köp sanly gutlag hatlarynyň, telegrammalaryň gelmegi dowam edýär. Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, kärhanalaryň, guramalaryň ýolbaşçylary öz hatlarynda türkmen halkynyň ähli döwürlerde-de halkymyzyň milli buýsanjy we mirasy bolan ahalteke bedewlerine hormat bilen garandyklaryny belleýärler. Halkymyz behişdi bedewleri ösdürip ýetişdirmegiň, olaryň arassa ganlylygyny gorap saklamagyň, baş sanyny artdyrmagyň köpýyllyk tejribesini nesilden-nesle geçirip gelipdir. Bu ugurdaky işler häzirki döwürde-de üstünlikli dowam etdirilýär. Gutlag hatlaryny iberenler Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli hormatly Prezidentimizi mähirli gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň parahat, bagtyýar durmuşynyň, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan ähli işlerinde üstünlikleri arzuw edýärler.

Döwlet Baştutanymyza saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M.Mämmedow, Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi A.Begliýew, döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy M.Babaýew, “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy G.Agajanow, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň başlygy G.Garlyýew, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň başlygy G.Hanberdiýewa, Gökdepe etrabynyň häkimi Ç.Çarlyýew, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tagtabazar etrap birleşiginiň başlygy Ý.Abdyrahmanow, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Gökdepe etrap birleşiginiň başlygy B.Ataýew iň gowy arzuwlaryny iberdiler.

(TDH)
Beýleki habarlar