Arkadag şäheri — belent sepgitlerimiziň nyşany

27 Aprel 2024
250

Häzirki zamanyň «akylly» şäher konsepsiýasynyň ýörelgeleri esasynda gurlan ajaýyp şäher — Arkadag şäheri Gahryman Arkadagymyzyň mukaddes türkmen topragynda, gadymy Oguz ýurdunda binýat bolan kämil sungat eseridir. Bu şäher «Geljegiň şäheri», «Bilimler şäheri», «Ýaşlaryň şäheri» ýaly onlarça atlar bilen atlandyrylyp, olaryň ählisi-de tüýs jüpüne düşen atlardyr. Şu jähetden alnanda, 26-njy aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy, GFR-iň «Jeýkob Ferdezuçt GBR» atçylyk firmasynyň direktory Katarina-Irena Anna-Margarita Ýakob bilen gürrüňdeş bolmagy hem-de Arkadag şäheriniň futbol toparynyň türgenleri bilen duşuşmagy aýratyn bellärliklidir.

MILLI WE UMUMADAMZAT MIRASYNYŇ AÝRYLMAZ BÖLEGI

«Nesil».
Beýleki habarlar