Gursagy söýgüli ýaşlar

25 Aprel 2024
150

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly tagallalary esasynda üstünlikli durmuşa geçirilýän harby özgertmeler Gahryman Arkadagymyzyň: «Watan goragçysy hiç zatda kemçilik çekmeli däldir, onuň azygy bol, egin-eşigi ýyly, tehnikasy-ýaragy gurat bolmalydyr» diýen sözleriniň häzirki döwürde dowamat-dowama beslenýändigini dabaralandyrýar.

Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby türkmen ýaşlaryna goýulýan beýik hormat-sarpanyň nyşanydyr. Bu buýsançly kitapda «Watan goragy ynamly gollarda» atly ýörite bölüminiň bolmagy harby gullukçylaryň başlaryny göge ýetirdi. Kitapdaky: «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan merdana Watan goragçylaryna ömürdir, ykbaldyr, mertebedir. Bu gün gaýduwsyz, edermen türkmen serkerdeleri, ýaş watançy esgerler ata Watanymyzyň mukaddes goragynda sak durup, ýurt asudalygyny, parahatlygyny, abadanlygyny berkarar edýärler» diýen çuňňur many-mazmuna beslenen sözler bize bildirilen uly ynamy alamatlandyryp, Watan goragy ýaly mukaddes wezipämizi ak ýürekden berjaý etmekde ruhy ylham çeşmesi bolup durýar.

Hanjar NURGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi serhetçiler hassahanasynyň lukmany, lukmançylyk gullugynyň leýtenanty.
Beýleki habarlar