Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň geçiren duşuşygy

25 Aprel 2024
145

24-nji aprelde Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory Mihael Harms bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory Mihael Harms Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasynda geçen ýyl işlenip taýýarlanylan strategik hyzmatdaşlygyň “Ýol kartasynyň” ähmiýetini belledi. Ol energetikada, himiýa senagatynda, obasenagat toplumynda, Ýewropa bilen Hytaýyň arasyndaky ulag geçelgesinde, “ýaşyl” ykdysadyýete geçmekde, suw hojalygyny döwrebaplaşdyrmakda we beýleki ugurlar boýunça taslamalary özünde jemleýär. Söhbetdeşler German ykdysadyýetiniň Gündogar komiteti arkaly nemes kompaniýalary bilen gatnaşyklary ýola goýmakda hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti barada aýdyp, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek hem-de türkmen bazaryna täze maýa goýumlary çekmek üçin geljekde-de hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge gyzyklanýandyklaryny tassykladylar.

Beýleki habarlar