Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy

25 Aprel 2024
191

24-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory Mihael Harms bilen duşuşdy.

Germaniýa Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki möhüm hyzmatdaşlarynyň biridir diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy häzirki wagtda biziň ýurtlarymyzyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ulgamlarynda diýen ýaly netijeli hyzmatdaşlyk edýändiklerini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri söwda-ykdysady ulgamyň hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlarynyň biridigini aýratyn nygtady.

TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar