Menzilli ýollara şamçyrag

23 Aprel 2024
150

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitaby Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe belent maksatlara ýetmekde ruhy gollanma boldy. Gahryman Arkadagymyzyň köp taraply edebi döredijiliginde türkmen halkynyň ynsanperwer ýörelgeleri öz beýanyny tapýar. Dünýäniň dürli dillerine terjime edilen bu kitaplar halkara jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär. Bu edebi-filosofik eserde Milli Liderimiziň ömür menzilleri baradaky ýatlamalar, gymmatly pikirler jemlenendir. Şeýle-de kitapda ýurdumyzyň taryhyna, milli ruhy-ahlak gymmatlyklarymyza we asylly däp-dessurlarymyza aýratyn orun berilýär.

Milli Liderimiziň «Ömrümiň manysy» atly kitaby türkmen halkynyň taryhyna has giňişleýin garamaga, milli medeni özboluşlylygy, däp-dessurlary hem-de durmuş ýörelgeleri bilen tanyşmaga, halkymyzyň dünýäniň ylmy, ykdysady we medeni ösüşine goşan saldamly goşandyna düşünmäge ýardam edýär. Kitap «Ýaşaýyş medeniýeti», «Ynanç hakynda söz», «Müňýyllyklaryň jümmüşinden gaýdýan ýol-ýörelge», «Gadymyýete nazar», «Mukaddes Mekge-Medinä zyýarat», «Milletiň ruhy-ahlak mekdebi» atly bölümlerden ybaratdyr. «Ömrümiň manysy» atly kitap temalarynyň köpdürlüligi, diliniň baýlygy we düşnükliligi, görnükli taryhy şahslaryň, filosoflaryň parasatly jümleleriniň getirilmegi bilen tapawutlanýar. Bularyň ählisi türkmen halkynyň baý ruhy dünýäsine düşünmäge ýardam berip, kitabyň gymmatyny we ähmiýetini has-da artdyrýar. Şeýle-de kitapda halkyň döreden rowaýatlarynda şöhratly pederlerimiziň wesýetleriniň bardygy barada aýdylýar. Halkymyzyň nakyllarydyr atalar sözleri, parasatly jümleleri jemgyýetimizde asylly ýörelgeleri, ýagşy başlangyçlary berkarar etmek üçin gural bolup hyzmat edýär. Şolaryň ussatlyk bilen ulanylmagy bolsa, kitabyň many-mazmunyny has-da baýlaşdyrýar.

Täçmyrat DURDYÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Farmasiýa kafedrasynyň mugallymy.
Beýleki habarlar