Nusgalyk kitap — gymmatly gollanma

14 Aprel 2024
417

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda türkmen topragynyň baý we şöhratly taryhyny dünýä ýaýmak baradaky tagallalaryň ähmiýetini il-ulsumyza düşündirmek hem-de şu şanly ýyly has-da dabaralandyrmak asylly ýörelgämiz bolup durýar. Türkmen halkynyň özüne mahsus taryhy, medeniýeti, adamzat medeniýetine goşan goşandy — maddy we maddy däl gymmatlygy bar. Hormatly Prezidentimiz jöwher paýhasyndan dörän «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynda halkymyzyň şöhratly taryhyny pähim-parasat bilen beýan edýär.

Bu ajaýyp kitapda edebiýatçylar üçin hem, taryhçylar üçin hem, umuman, her birimiz üçin gymmatly maglumatlar bar. Dünýä alymlarynyň Änewiň taryhy bilen gyzyklanyp gelendigi, düýpli ylmy açyşlary edendigi aýdyňlyk bilen beýan edilýär. Bu bolsa gadymy topragyň dünýäde uly gyzyklanma döredýändigini hem-de öwrenilmäge mynasypdygyny subut edýär. Munuň şeýledigini häzirki wagtda ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän taryhy-medeni döwlet goraghanalary aýdyňlygy bilen görkezýär. Şol goraghanalaryň birnäçesiniň dünýä taryhynda uly yz goýandygyny, şeýle-de olardaky ýadygärlikleri öwrenmek, goramak, rejelemek babatda guwandyryjy işleriň alnyp barylýandygyny aýratyn nygtamak bolar.

Wepa ALLAÝAROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň öwreniji mugallymy.