Iş maslahaty geçirildi

5 Aprel 2024
371

1-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen, ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleri dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. Hasabatlarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitlerde şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekişi dowam edýär. Oba hojalyk tehnikalaryndan we gurallardan netijeli peýdalanmak, bu jogapkärli möwsüme gatnaşýan ähli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek üçin zerur çäreler görülýär. 2024-nji ýylda ýurdumyzda bugdaýyň bol hasylyny öndürmek babatda öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, degişli ideg işleri ýerine ýetirilýär. Galla oragy möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde işlediljek kombaýnlary, bugdaý daşajak awtoulaglary, galla kabul ediş bölümlerini möwsüme taýýar etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Welaýatlarda gök-bakja ekinleriniň ekişi dowam edip, ýazlyk ýeralma, beýleki gök ekinler ekilen meýdanlarda agrotehniki çäreler geçirilýär. Sebitlerde dowarlaryň baş sanyny artdyrmak, olaryň önüm berijiligini ýokarlandyrmak we talabalaýyk idetmek boýunça-da zerur işler ýerine ýetirilýär. Häzirki wagtda welaýatlaryň maldarçylyk hojalyklarynda owlak-guzy möwsümi dowam edip, ony guramaçylykly geçirmek üçin degişli işler alnyp barylýar.

«Watan».