Duşenbede türkmen-täjik gepleşikleri geçirildi

4 Aprel 2024
293

Şu gün Duşenbe şäherindäki «Kasri Millat» köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda gepleşikler geçirildi.

Köşgüň öňündäki meýdançada belent mertebeli türkmen myhmanyny resmi garşylamak dabarasyndan soňra, Gahryman Arkadagymyzyň we Täjigistanyň Baştutanynyň ikiçäk duşuşygy geçirildi. Iki halka mahsus açyklyk, birek-birege düşünişmek hem-de özara ynanyşmak ýagdaýynda geçen gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Soňra gepleşikler iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňeldilen düzümde dowam etdi.

«Türkmenistan»
Duşenbe ş.