Ilçi işe başlady

4 Aprel 2024
264

3-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Sloweniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Darýa Bawdaž Kuretden ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça işinde üstünlikleri arzuw etdi.

TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy.