Türkmenistan — dünýä medeniýetiniň ojagy

28 Mart 2024
336

Mälim bolşy ýaly, 23-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda döwlet Baştutanymyz Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny ýazyp tamamlandygyny habar berdi. Bu kitap «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda halkymyza ajaýyp sowgat boldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň medeniýetini, edebiýatyny, milli mirasyny düýpli öwrenmek, gorap saklamak, olary wagyz etmek we geljekki nesillere ýetirmek ugrunda nusgalyk işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň gadymy şäherlerinde we arheologik hem-de taryhy ýadygärlikleriň merkezlerinde döwlet-taryhy goraghanalarynyň giň toplumynyň döredilmegi munuň aýdyň mysaly bolup durýar. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanylan «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Maksatnamanyň esasy wezipesi milli mirasymyzy gorap saklamakdan hem-de bu ugurda geçirilýän ylmy-barlag işlerine täze depgin bermekden ybaratdyr. Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärliklerini ylmy taýdan öwrenmek we gorap saklamak bilen bir hatarda,  Diýarymyzyň çäginde bar bolan gözel künjeklere ýurdumyzyň hem-de dünýä döwletleriniň syýahatçylaryny çekmek boýunça netijeli çäreler göz öňünde tutuldy.

Batyr ORAZOW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktorynyň orunbasary.