Türkmenistanyň Prezidenti Halkara we Aziýanyň tennis federasiýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi

28 Mart 2024
253

27-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara tennis federasiýasynyň prezidenti (HTF) Dewid Haggertini we Aziýanyň tennis federasiýasynyň prezidenti (ATF) Ýuriý Polskini kabul etdi.

Myhmanlar döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, HTF-niň we ATF-niň Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy.