Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşyna gatnaşdy

28 Mart 2024
374

Ahal welaýaty, 27-nji mart (TDH). Şu gün Ak bugdaý etrabynyň çäginde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda täze metjidiň açylyşy boldy we hajy Arkadagymyz bu ýerde agzaçar sadakasyny berdi. Bu çäräniň mübärek Oraza aýynda geçirilmeginde, şeýle hem Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli guralýan medeni-köpçülikleýin çäreler bilen utgaşmagynda çuňňur many bar. Munuň özi halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden ýagşy dessurlarynyň dünýä nusgalyk ynsanperwer ýörelgeler bilen utgaşýandygynyň aýdyň beýanydyr.

Ak bugdaý etrabynyň çäginde täze metjidiň bina edilmegi ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly ýörelgeleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde haýyr işleriň dowamata atarylýandygyna şaýatlyk edýär. Bu bolsa zähmetsöýer halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän ýagşy dessurlara ygrarlylygyny alamatlandyrýar. Şanly wakalaryň dabaralandyrylýan günlerinde geçirilýän bu çäre ýurdumyzyň ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösüş ýoluna düşendigini, şunda halkymyzyň döreden gymmatlyklarynyň dünýä giňişliginde ykrar edilýändigini görkezýär.