TÜRKMENISTAN — BMG: parahatçylygyň, ynanyşmagyň, ösüşiň bähbidine oňyn hyzmatdaşlyk

27 Mart 2024
369

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda toýlarymyz toýlara, baýramlarymyz baýramlara ulaşýar. Türkmenistan Watanymyz, sözüň doly manysynda, Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi, parahatçylygyň, agzybirligiň, dost-doganlygyň, arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdy bolup, dünýä şugla saçýar. Munuň şeýledigine ýakynda BMG-niň ştab-kwartirasyndan gelip gowşan hoş habar hem ýene bir gezek şaýatlyk edýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu resminama ýüze çykýan gapma-garşylyklary parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar we usullar arkaly kadalaşdyrmaga, döwletleriň arasynda ynanyşykly gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam bermäge gönükdirilendir. Şeýle-de ol dünýäde parahatçylyk dialogy medeniýetini ösdürmek üçin alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etdirmegiň möhümdigini görkezýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli pähim-paýhaslary bilen, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna ygrarly bolan ata Watanymyzyň halkara derejede abraýy barha artýar. Türkmenistan Watanymyz sebitde we dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmak, döwletara gatnaşyklarda hyzmatdaşlygy berkitmek babatda halkara ähmiýetli tagallalary durmuşa geçirýär. Şonuň esasynda eziz Diýarymyz parahatçylygyň, döredijiligiň we dostlugyň merkezine öwrüldi. Munuň şeýledigini BMG-niň ştab-kwartirasyndan gelip gowşan nobatdaky hoş habar hem ýene bir gezek aýdyň tassyklaýar.

«Esger».