Gadymy medeniýetiň ojagy

27 Mart 2024
289

Golaýda hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli, «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny ýazyp tamamlandygy baradaky hoş habary halkymyzy tüýs ýürekden begendirdi. Bu kitap «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda agzybir halkymyza ýapylan ajaýyp serpaýdyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitaby giň okyjylar köpçüligi üçin gymmatly gollanma bolup hyzmat eder. Çünki bu kitapda türkmen halkynyň şöhratly geçmişi düýpli we giňişleýin beýan edilip, dürli taryhy maglumatlar berilýär. Şeýle hem bu ajaýyp eserde halkymyzyň taryhy, asyrlaryň dowamynda kemala gelen gadymy medeni, ruhy däp-dessurlary barada söhbet edilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şöhratly taryhymyzyň şaýady bolan gadymy ýadygärlikleriň umumadamzat gymmatlygy hökmünde dünýäde ykrar edilmegi ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. 2022-nji ýylda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşiniň Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen mejlisinde gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde alnyp barylýan işleriň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyzdaky taryhy ýerleriň iň gadymylarynyň biri hem Änewdir. Pederlerimiz müňýyllyklaryň dowamynda ýurdumyzda tebigy gözelligi bilen adamzady özüne maýyl eden ösen medeniýetleri döredipdirler. Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi, bu gadymy şähere baý taryhy-medeni mirasyny dünýä ýaýmaga uly ýardam eder.

Ogulgurban GAŞLAKOWA,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni.