Watana söýgi — mukaddes duýgy

27 Mart 2024
282

Watana, mukaddes topraga, il-halka bolan söýgi, yhlas her bir ynsanyň aňyna ene hüwdüsi, ata öwüdi, pederleriň pähim-paýhasa ýugrulan pentleri bilen geçýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bolsa şeýle watançylyk duýgular ýaş nesliň kalbyna Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň atalyk kitaplarydyr nusgalyk göreldesi bilen ornaşýar. Şeýle çuňňur watansöýüjilige ýugrulan kitaplar ýurdumyzyň parahatçylygyny, mähriban halkymyzyň abadançylygyny gözleriniň göreji kimin goraýan, Watana wepalylyk, kasama ygrarlylyk, päk ýürek bilen mukaddes borçlaryny ýerine ýetirýän harby gullukçylaryň kalplaryny buýsançly duýgulara besleýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynda: «Bu gün gaýduwsyz, edermen türkmen serkerdeleri, ýaş watançy esgerler ata Watanymyzyň mukaddes goragynda sak durup, ýurt asudalygyny, parahatlygyny, abadanlygyny berkarar edýärler. Biz merdana Watan goragçylarynyň öz mukaddes borçlaryny yhlasly hem döredijilikli gulluk bilen mynasyp ýerine ýetirmekleri üçin ähli şertleri döredýäris» diýip belleýşi ýaly, güneşli Diýarymyzyň goragynda sak durýan Watan goragçylaryna ähli şertleriň döredilýändigini, ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerine, ýetilýän sepgitlere biziň her birimiziň goşandymyzyň bardygyny bilmek bagtdyr. Bu sözler biziň buýsançly zähmet çekmegimize, yhlasly gulluk etmegimize bolan hyjuwymyzy has-da artdyrýar. Watan goragyna ruhlandyrýan hormatly Prezidentimiziň tagallalary öz halky, onuň asuda, rahat we eşretli durmuşy hakyndaky aladalarynyň subutnamasydyr.

Gaýgysyz ÝUSUPOW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, leýtenant.