Utgaşykly maslahatlar — oňyn çözgütler

27 Mart 2024
268

Asuda asmanyň astynda, parahat zeminiň üstünde türkmen topragynyň göreni haýrana goýýan täsinlikleri juda köp. Hut şonuň üçin hem türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli pähim-paýhaslary bilen şanly geçmişde yklymlary birleşdiren Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden dikeldilmeginiň ähmiýeti örän uludyr.

Buýsanç bilen bellemeli zat, üçünji müňýyllygyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylýan Beýik Ýüpek ýoly bu gün dünýäniň jahankeşdelerini, syýahatçylaryny, alymlaryny, bilermenlerini, işewürlerini eziz Diýarymyza alyp gelýär. Bu hakynda Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ajaýyp eserinde: «Taryhyň ähli döwürlerinde Beýik Ýüpek ýolunyň şahalary, ak ýollar, bagt ýollary dünýäniň çar künjünden Zeminiň ýüregi Türkmenistanyň goýnuna gelýär» diýip belleýär. Bu jilweli setirleriň aýdyň şaýady hökmünde, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 27-nji martynda «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahatyň öz işine başlandygyny bellemek bolar. Iki gün dowam etjek forumyň ilkinji günündäki maslahata ugurdaş halkara düzümleriň, ýurdumyzyň iri syýahatçylyk guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşýarlar. Şeýle-de maslahata gatnaşyjylar tarapyndan halkara syýahatçylygyň ösüş ugurlaryna gönükdirilen we bu babatdaky tagallalary birleşdirmek ugrundaky anyk meselelere seredilýär.

Begenç ANNAÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby, «Esger».