Belent abraýyň güwäsi

27 Mart 2024
361

Ata Watanymyzyň şan-şöhraty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da arşa galýar. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňe sürýän öňdengörüjilikli, umumadamzat bähbitli başlangyçlarynyň netijesinde eziz Diýarymyz tutuş Ýer ýüzünde asudalygyň, abadançylygyň, agzybirligiň nusgasy bolup, dünýä jemgyýetçiliginiň üns-nazary gönügen parahatçylyk söýüji we ylalaşdyryjy merkez hökmünde giňden tanalýar. Döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan daşary hem içeri syýasaty halkara gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegine, dünýäde parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna, ählumumy howpsuzlygyň berkidilmegine we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine giň ýollary açýar.

Ýakynda Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasyndan ýurdumyza gelip gowşan hoş habar — BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi hem baky Bitarap döwletimiziň dünýäde ählumumy parahatçylygy üpjün etmek, halklaryň arasynda ynanyşmagy berkitmek, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek ugrunda öňe sürýän teklipleriniň jahan içre ykrar edilýändigini ýene bir gezek aýdyň görkezdi. Bu hoş habar göwünlerimizi göterip, ýokary ruhubelentlige besledi. Kalbymyza egsilmejek şatlyk paýlap, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyza, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň dünýä nusgalyk ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan buýsanjymyzy, guwanjymyzy artdyrdy.

Toýmämmet Rejebow,
«Balkan».