Änew — türki dünýäsiniň medeni paýtagty

27 Mart 2024
238

26-njy martda Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasyndaky” “Türkmeniň ak öýi” binasynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga bermek dabarasy boldy.

Şol gün “Nowruz ýaýlasynda” giň gerimli baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Dabaralara gatnaşmak üçin bu ýere Hökümet agzalary, Mejlisiň, Halk Maslahatynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin ha-bar beriş serişdeleriniň, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri ýygnandylar. Hormatly myhmanlaryň hatarynda “Gadymy Änew medeniýeti” atly halkara ylmy maslahata, “Türkmen topragy — gadymy siwilizasiýalaryň merkezi” atly metbugat maslahatyna, “Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri” atly halkara maslahata gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Türki Döwletleriň Guramasynyň we onuň düzümine girýän Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ), Türki döwletleriň Parlament As-sambleýasynyň, Türki medeniýetiň we mirasyň gaznasynyň, Halkara türki akademiýasynyň, TÜRKSOÝ-na agza hem-de synçy ýurtlaryň degişli ministrlikleriniň ýolbaşçylarydyr ylmy wekiliýetleri bar.