Belent sepgitlere badalga

26 Mart 2024
346

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlandyrylýar. Türkmenistan daşary ýurt bazarlarynda ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýän kuwwatly önümçilik pudagyna eýe bolan, senagat taýdan ösen döwlete öwrülýär. Daşary syýasatymyz bolsa ähli gyzyklanma bildirýän ýurtlar bilen netijeli dialogy alyp barmaga ýardam edýär. Geçen hepdäniň wakalary hem hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän toplumlaýyn, ylmy taýdan esaslandyrylan özgertmeler strategiýasynyň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky güwäsi boldy.

23-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.

«Ahal durmuşy».