Gadymy Änewiň müdimi keşbi

26 Mart 2024
218

Dana pederlerimiziň nesillere miras goýan sargytlarynda «Watana bolan söýgi maşgalaňa, ýakyn hossarlaryňa, öýüňe, il-günüňe, daş-töweregiňi gurşap alýan tebigata bolan söýgüden başlanýar» diýen ganatly jümleler bar. Söýgi düşünjesiniň bar ýerinde bolsa mukaddeslik bar. Halkymyzyň mukaddeslik babatdaky ýörelgeleri bolsa, halallyk, asylzadalyk, wepalylyk ýaly düşünjeler bilen berk bagly. Çünki bu düşünjeler ynsan kowmunyň kalbynda ynsanperwerlik, adamkärçilik ýaly duýgularyň tohumyny şineledýär. Haçanda şeýle asylly ýörelgeler dowam etdirilende durmuş bagtyýarlyga beslenip, ykballar gülleýär.

Ýörite habarçymyz.