Ynsanperwerligiň asylly ýörelgesi

26 Mart 2024
462

23-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, Russiýa Federasiýasynyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysyna öz adyndan hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Podmoskowýede bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna getiren pajygaly waka zerarly tüýs ýürekden gynanjyny beýan edip, wepat bolanlaryň garyndaşlaryna we ýakynlaryna duýgudaşlyk hem-de medet beriji sözlerini, bu elhenç terrorçylyk zerarly heläkçilik çekenlere tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwlaryny ýetirmegi haýyş etdi.

«Mugallymlar gazeti».