Güneşli Diýarymyzyň rowaç gadamlary

26 Mart 2024
284

25-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen, welaýatlaryň häkimlerine söz berildi. Olar welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdiler.

TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy.