Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

25 Mart 2024
465

23-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherinde bolup, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynda iş maslahatyny geçirdi. Täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň taýýarlanan taslamalary, binalaryň bezeg serişdeleriniň görnüşleri bilen tanyşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynda geçiren iş maslahatyna gaznanyň wise-prezidenti R.Bazarow we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň direktory M.Öküzowa gatnaşdy. Onda haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň üç ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralara görülýän taýýarlyklar, gaznanyň işini mundan beýläk-de yzygiderli alyp barmak we mätäje goldaw bermek ýaly asylly ýörelgeleri ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem hasabatyň çäklerinde haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň üç ýyllygy mynasybetli 29-njy martda Arkadag şäherinde giň möçberli medeni-köpçülikleýin çäreleriň meýilleşdirilendigi barada aýdyldy.

(TDH-niň maglumatlary esasynda taýýarlanyldy).