Telefon arkaly söhbetdeşlik

25 Mart 2024
293

23-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, Russiýa Federasiýasynyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysyna öz adyndan hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Podmoskowýede bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna getiren pajygaly waka zerarly tüýs ýürekden gynanjyny beýan etdi. Wepat bolanlaryň garyndaşlaryna we ýakynlaryna duýgudaşlyk hem-de medet beriji sözlerini, bu elhenç terrorçylyk zerarly heläkçilik çekenlere tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwlaryny ýetirmegi haýyş etdi. Şeýle agyr günlerde Türkmenistanyň doganlyk goldawyna doly bil baglap bilersiňiz diýip, türkmen tarapynyň lukmançylyk kömegini bermäge, dermanlary we beýleki zerur serişdeleri ibermäge taýýardygyny aýtdy.

(TDH-niň maglumatlary esasynda taýýarlanyldy).