Berkarar Watanymyzyň rowaç gadamlary

25 Mart 2024
317

23-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.

Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň barşy baradaky hasabatlar bilen çykyş etdiler. Hasabatlary diňläp, döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny ösdürmek bilen bagly öňde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

"Nesil".