Hoş habar: 2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

25 Mart 2024
331

Mälim bolşy ýaly, 23-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde BMG-niň ştab-kwartirasyndan hoş habaryň gelip gowşandygy aýdyldy. Nygtalyşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň dowamynda hoş habary kanagatlanma bilen kabul edip, Ministrler Kabinetiniň agzalaryna we ähli watandaşlarymyza ýüzlendi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigine ünsi çekdi. Nygtalyşy ýaly, BMG-ä agza ýurtlaryň Türkmenistanyň bu başlangyjyny goldamagy, oňa 86 ýurduň awtordaş bolmagy biziň üçin örän uly abraýdyr.

"Nesil".