Ilkinji magaryfçylar Magtymguly barada

14 Fewral 2024
1666

Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýakynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde: «Biz her ýyly belli bir şygar boýunça geçirýäris. Şu ýyly «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip yglan etdik. Bu şygar uly many-mazmuna eýe bolup, watançylygymyzy ýokarlandyrmaga, ýaşlarymyzy terbiýelemäge, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen işleri amala aşyrmaga ruhlandyrýar. Munuň özi biziň üstümize uly jogapkärçiligi ýükleýär. Şoňa görä-de, bu şygary iş ýüzünde amala aşyrmak üçin tutanýerli zähmet çekmelidiris» diýip nygtady we söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň çärelerine ýokary derejede taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi XX asyryň başynda çynlakaý öwrenilmäge başlanýar. Beýik şahyryň döredijiligi onlarça ylmy barlaglaryň esasy bolup, türkmen edebiýatynyň dürli meselelerini öwrenen alymlar hem, ilkinji nobatda, Magtymgulynyň şygyrlaryna ýüzlenipdirler. Meşhur dilçi Şeýh Süleýman Efendiniň (1821/22 — 1847 ý.ý.) «Lugaty Çagataý we Türki-i Osmany» atly eserini muňa mysal görkezmek mümkindir. Sebäbi şahyryň şygyrlary türkmen halkynyň ruhy mirasynyň aýrylmaz bölegidir. Şol bir wagtyň özünde ol türki dünýäniň dil we edebiýat babatynda nusgalyk mirasy bolup durýar.

Tahyr AŞYROW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň ylmy işgäri.