Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkara hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlary bilen bir hatarda, ylym-bilim ulgamyndaky gatnaşyklar hem netijeli ösdürilýär. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça şu ýylyň 21 — 24-nji ýanwarynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrmagy köpugurly türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynda möhüm wakalaryň hataryndan orun aldy.
Halkara tejribäni öwrenmek diňe bir ylym-bilimiň ösüşinde däl, eýsem, ähli babatda ýokary netijeleri gazanmak üçin örän möhümdir. Şu gezekki saparyň maksady Ýaponiýanyň Hökümeti, Parlamenti, iri maliýe-söwda guramalarydyr kompaniýalary, şeýle-de dostlukly ýurduň ýokary okuw mekdepleri bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da pugtalandyrmakdan, bilelikdäki taslamalary amala aşyrmakdan ybarat boldy. Saparyň barşynda ýapon paýtagtynda — Tokioda Gahryman Arkadagymyzyň ýapon diline terjime edilen «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasynyň geçirilmegi bolsa ýapon halkynyň hem kitaba, çeper söze goýýan sarpasynyň ajaýyp şöhlelenmesi boldy. Sukuba uniwersitetinde geçirilen bu dabara Ýaponiýanyň ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleri bilen birlikde, bu ýurtda bilim alýan türkmen talyplary hem gatnaşdylar.