2024-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanda ilkinji gezek saparda bolan WAM habarlar agentliginiň wekilleri bilen gepleşikler geçirildi.
Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa we WAM habarlar agentliginiň Baş direktory Mohammed Jalal al Raisi ikitaraplaýyn türkmen-emirlik gatnaşyklarynyň, ilkinji nobatda, maglumat meseleleri boýunça hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny kesgitlediler.