22-nji ýanwarda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat ministri Ken Saýto bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge bolan gyzyklanmany beýan etdiler. Şunda uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ähmiýeti nygtalyp, bu babatynda taraplaryň syýasy erkiniň hem-de giň ykdysady mümkinçilikleriniň barlygyna üns çekildi.
Duşuşykda himiýa zawodlarynyň, gaz turbinaly elektrik stansiýalaryň gurluşygy, şeýle-de tehnikanyň we awtoulaglaryň getirilmegi boýunça bilelikdäki taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi barada nygtaldy. Ozal gazanylan üstünlikler bilen birlikde, taraplar energetika geçişi, ilkinji nobatda, wodorodyň önümçiligi we daşalmagy bilen bagly hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleriniň peýdalanylmagyna taýýardygyny bellediler.