Änew — «parahatçylyk jülgesi»

20 Ýanwar 2024
1284

Daş-töwereginde möwç urýan häzirki zaman durmuşyna sessiz agraslyk bilen göz aýlap ýatan iki depe — Demirgazyk we Günorta gorganlar ýaşy Müsür piramidalaryndan hem uly bolan obalaryň heňňam tarapyndan «ýonulan» galyndylaryna çalym edýär. Wawilon düzlügi heniz Pars aýlagynyň suwlarynyň astyndaka, Demirgazyk gorganda eýýäm oba durmuşy gaýnap joşýardy, aýal-gyzlar egrip-dokaýardy, däne ekip-döwüp, un alyp, çörek bişirýärdiler. Küýzegärler gap-gaç ýasap, olary nagyşlar bilen sünnäläp bezeýärdiler... XIX asyrda we XX asyryň başlarynda halkara ylmy jemgyýetçilikde siwilizasiýanyň iň gadymy ojagy diýen birinjilik derejesini Merkezi Aziýa bermek ideýasy diýseň meşhurdy.

Mysal üçin, nemes geografy, «durmuş giňişligi» diýen geosyýasy adalganyň hem-de 21 tomdan ybarat «Tebigat we adamzat taryhy jähetinden ýer hakyndaky ylym» atly işiň awtory Karl Ritter Merkezi Aziýanyň «adamzat medeniýetiniň watany» bolandygyna doly ynanypdyr. Hatda Günbataryň we Gündogaryň beýik siwilizasiýalarynyň öz gözbaşlaryny Merkezi Aziýadan alyp gaýdýandygyny nygtaýan bitewi ylmy mekdep hem esaslandyrylypdyr. Bu hem, umuman, Karnegi gaznasy üçin Türkmenistana ekspedisiýany ýollamaga esas bolupdyr.

Juma ORAZGYLYJOW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň esasy ylmy işgäri, taryh ylymlarynyň kandidaty.