Mukaddes ýazgylarda «neýsan ýagşy» diýlip atlandyrylýan on iki ýyldan bir gezek ýagýan ýagyş hakynda aýdylýar. Ol aprel aýynda ujypsyzja damjalaryny seçip gidýär. Ýöne az wagtlyk ýagsa-da, halk arasynda ol balygyň rysgy üçin ýagýan ýagyş hasaplanýar.
Neýsan balygy şol ýagyş ýagmanka öňünden syzyp, kellesini suwdan çykaryp durýarmyş. Niçikmi, onuň agzyna ýagşyň birküç damjasy düşse-de, ol derýanyň düýbüne çümüp gidýärmiş. «Soňra kän ýyllaryň dowamynda neýsan balygynyň agzyna düşen damjalar düre öwrülýärler» diýip, köne ýazgylarda aýdylýar.