Ekologiýa boýunça hünärmenler taýýarlanylýar

24 Dekabr 2023
1430

Ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly çemeleşmek, onuň gözelligini we baýlyklaryny geljekki nesiller üçin saklamak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar. Daşky gurşawyň arassalygy adamyň saglygynyň girewidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde daşky gurşawy goramak, tebigatyň baýlyklaryna aýawly çemeleşmek, bagy-bossanlyga öwürmek babatda döwlet derejesinde toplumlaýyn we netijeli işler durmuşa geçirilýär.

Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň 1-nji sentýabrynda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy sapagynda her bir ynsanyň sagdyn bolmagy, ýaşaýyş hakdaky garaýyşlarynyň giňelmegi, zehinleriniň açylmagy we döwre, döwlete hem-de bagtyýar geljege mynasyp adamlar bolup ýetişmegi üçin örän ähmiýetli bolan terbiýäniň görnüşleriniň biri hökmünde ekologiýa, tebigata söýgi terbiýesini nygtap geçdi.

Bahadir ÝULDAŞOW,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň ekologiýa we ekologik tehnologiýalar kafedrasynyň uly mugallymy.