Hünäri — halkara derejesinde

20 Dekabr 2023
747

Galkynyşly döwrümizde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda ozal görlüp-eşidilmedik öňegidişlikler gazanyldy. Bu ulgamda ýetilen beýik sepgitlerde welaýatymyzyň saglygy goraýyş edaralarynyň ýaş lukmanlarynyň hem mynasyp goşandy bar.

Welaýat köpugurly hassahanasynyň trawmatologiýa-ortopediýa bölüminiň müdiri Ahmet Döwletow hem şeýle ýaşlaryň biri. Ol özüne ynanylan wezipäni birkemsiz ýerine ýetirmek, bölüme guramaçylykly ýolbaşçylyk etmek bilen çäklenmän, yzygiderli iş tejribesini baýlaşdyrmagyň hem aladasynda. Ol Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda kärdeşleriniň birnäçesi bilen bilelikde daşary döwletlerde geçirilen tejribelik okuwlaryna hem gatnaşdy. Ýeri gelende aýtsak, şu ýyl welaýatymyzyň saglygy goraýyş işgärleri Gruziýada we Russiýanyň Tatarystan Respublikasynda, Germaniýanyň Meppen şäheriniň Ludmilştift, Mýunhen şäheriniň Augenklinik Herzog Carl Teodor klinikalarynda hünär kämilleşdiriş okuwlaryny geçdiler.