Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde nesil terbiýesine aýratyn üns berilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlar hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Döwletimizde ýaş nesillerimizi terbiýeläp ýetişdirmekde, olara Watanymyzyň taryhy, şu günki ösüşleri barada bilim berip, hünär öwretmekde döredijilikli işler alnyp barylýar.
Ýurdumyzda ýaş nesiller we nesil terbiýesi, olaryň sazlaşykly ösüşi hem-de saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, şeýle hem saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, olaryň yzygiderli sport, bedenterbiýe bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertler döredilýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň ähli ugurlaryny öz içine alýan giň möçberli maksatnamalar yzygiderli durmuşa geçirildi. Netijeli özgertmeleriň we durmuşa geçirilýän maksatnamalaryň çäklerinde Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesillere uly orun degişlidir.