Ruhubelentlige beslenen dabaralar

13 Iýun 2022
1933

Welaýatymyzda Ylymlar güni mynasybetli ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk dabaralary ýokary ruhubelentlige beslendi. Welaýat kitaphanasynyň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyrylan aýdym-sazly çykyşlar «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň rowaçlyga beslenýän günlerini has-da dabaralandyrdy. Dabaranyň dowamynda çykyş edenler ýurdumyzda ýaşlaryň bilim almagy, ylym bilen meşgullanmagy üçin döredilip berilýän ägirt uly mümkinçilikler dogrusynda buýsanç bilen nygtadylar. Şeýle hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen ylmynyň rowaçlanmagy ugrunda uly tagalla edýän hormatly Prezidentimiziň, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň adyna hoşallyk sözleri aýdyldy.

Ýörite habarçymyz.