Haýwanat dünýäsini goramagyň hukuk binýady kämilleşdirilýär

1 Iýun 2022
3224

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tebigy baýlyklary goramak babatynda toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Şeýle işleriň hatarynda ýurdumyzda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly işleri hukuk taýdan kadalaşdyrmak boýunça zerur çäreleri görkezmek bolar. Tebigaty goramak, onuň serişdelerinden aýawly peýdalanmak, biologik köpdürlüligi gorap saklamak, şeýle-de aw baýlyklaryny, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak   döwlet syýasatynyň esasyny düzýär. Esasy Kanunymyzyň 14-nji maddasynda: «Ýer we ýerasty baýlyklar, suwlar, ösümlik we haýwanat dünýäsi, şeýle hem beýleki tebigy baýlyklar Türkmenistanyň umumymilli baýlygy bolup durýar, döwlet tarapyndan goralýar we rejeli peýdalanylmaga degişlidir» diýlip bellenilen. Şundan ugur alnyp, geçen ýylda «Aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi.

Kanun aw awlamagyň we aw baýlyklaryny durnukly peýdalanmagyň düzgünleşdirilmegine, biologik köpdürlüligiň goralyp saklanylmagyna, aw önümleriniň peýdalanylmagyna, ynsanperwerligiň umumy ykrar edilen ýörelgelerine laýyklykda, haýwanlara rehimsiz çemeleşilmegine ýol bermeýän aw gurallaryny we usullaryny ulanmak bilen aw obýektlerinden peýdalanylmagyna, aw awlamagyň möçberine, aw hojalygyny ýöretmegiň hukuk we borçlaryna, aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak babatda döwlet gözegçiligine hem-de beýleki esasy ýörelgelere esaslanýar.   

Döwletgeldi GAZAKOW,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Sebitleýin ösüş, daşky gurşawy goramak we agrosenagat syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.